irinmek işlik

Bir işi göwünli-göwünsiz etmek, irinjeňlik bilen ýerine getirmek.

  • Telpegini duldan ildirenlerinde, ýerinden turup almaga irindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem irinmek - irner, irnipdir.