ir-iýmiş

[i:r-iýmiş]

Miweleriň umumy ady, dürli miweler.

  • Kolhozyň bag-bakjalaryndaky ir-iýmişleriň baly goýaldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bu haltalaryň içinde ir-iýmişler, süýde bişen külçeler bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)