ir hal

[i:r]

  1. Daň atan badyna, gün dogan dessine, azan bilen.

    • Onda eje, sen ertir daň bilen tur-da çaý gaýnat, men ertir irden oba sowetiniň edarasyna barmaladyryn -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ir turup örseň perim, şabraň gara zülpüň darap, Ak ýüzüňi görmesem, bolýar meniň halym harap. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Her gün ir bilen işe başlaýaryn. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Ir turan işinden dynar. (nakyl)

  2. Entek wagty däl, birneme öň bolmaly ýa-da öz wagtyndan öň, ozal.

    • Ýaz ir çykypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ine şol gorkulary sebäpli adamlar bu gün ir dagady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Häzir onuň geler wagtyndan ir.

ir

[i:r]

Könelişen söz Arassa ganly, garnuwsyz (Türkmen halk barada).

  • Özleriniň az-owlak garnuwy bar, tüýs ig däl ekenler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Indi teke guluňy, igiňi saýlap duranok. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)