[inmek]
Ýokardan aşaklygyna düşmek, aşaklamak.
Guşlar gaýyp ýörüşlerine birden aşak inýärdiler. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Beýik ýerden aşak düşüp gaýtmak.
Göçme manyda Biriniň üstünden düşmek, eňmek, dökülmek.
Şol mahal urmak üçin maýaç bolan ýagyrnysynyň gözüne taýak indi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret dünýä
Ýaňyja dünýä inen çagany gelip eline alýar. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly)
Täze graždanyň dünýä inendigi hakyndaky buşluk şu ýerden ýaýraýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
seret rehim
Birdenkä garrynyň maňa rehimi inen ýaly boldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)