injir in‧jir

Botanika Günorta ýurtlarda ösýän süýji miweli agaç we onuň miwesi.

  • Iki ýyllyk narlar, injirler heniz miwe getirmän ösüp barýan ýaş çaga ýaly inçemik boýlaryny ýaňy ýetiripdirler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Bir ýerde erik, injir, Ýene dürli iýmiş bar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • injirde
  • injire
  • injirem
  • injiri
  • injirini
  • injiriň
  • injiriňki
  • injirler
  • injirleri
  • injirlerimi
  • injirlerini
  • injirleriň
  • injirli
  • injirlik
  • injirlikde
  • injirlikden
  • injirliniň