injik in‧jik

[i:njik]

  1. Anatomiýa Aýagyň topuk bilen baldyr aralygy.

  2. Aýagyň topuk bilen dyz aralygyndaky ýogun süňki.

    • Çorlan injiklerini, çöňürtge sypjyran barmaklaryny gyzgyn çäge gatadypdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Onuň çaň siňen injiklerini çöp-çalamlar çyzypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem injik - injigi.


Duş gelýän formalary
  • injigi
  • injigim
  • injigime
  • injigimiň
  • injigine
  • injigini
  • injiginiň
  • injigiň
  • injikden
  • injiklere
  • injiklerem
  • injikleri
  • injiklerine
  • injiklerini
  • injikleriň
  • injikli