inedördül

[i:nedö:rdül]

  1. Dört tarapy hem biri-birine deň kwadrat görnüşli, kwadrat görnüşinde, kwadrat şekilli.

    • Inedördül tamyň bir dulundaky ýüzi owadan, nepis nagyşly Mary sandygynyň üstünde münder-münder edilip ýorganlar, per ýassyklar galdyrylypdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gowaça inedördül gamiklenip ekildi. («Kolhoz günleri»)

  2. Göçme manyda Gysga boýly, semiz, togalak.

    • Garaýagyz, inedördül çopan aýak üstünde durdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)