indertmek işlik

[i:ndertmek]

  1. Bir zady ýokardan aşaklygyna batly goýbertmek.

  2. Birini urdurmak.

    • Ol: -Sen gowuja gez, ýogsam kelläňe tokmak inderderin- diýdi.

  3. Göçme manyda Biriniň üstünden düşürmek, birini tankyt etdirmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem indertmek - inderdýär, inderder, inderdipdir.