[i:nçeltmek]
Bir zady ýonup, rendeläp we ş. m. ýol bilen inçe hala getirmek.
Ussa tamdyranyň sapyny birneme inçeltjek bolup, aýna bilen gyryp başlady.
Horlatmak, arryklatmak.
Ol inçekeseliň ýaş organizmi inçeldip aljagyny hem unutmaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem inçeltmek - inçeldýär, inçelder, inçeldipdir.