inçe

[i:nçe]

  1. Ýogyn däl, ýogyn bolmadyk.

    • Ol şeýde inçe sapagyň-da üzülenini derrew bilýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Belent, ýiti (ses hakda).

    • Onuň sesi örän inçe.

  3. Nepis, näzik.

    • Halnazar olardan inçe çäkmenlik alypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Çylşyrymly, kyn.

    • Ol inçe zatlara oňly düşünmeýän yňdarma bir adamdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. seret inçekesel

inçe çekimli

Grammatik termin seret çekimli