[i:n]
Bir zadyň keseligine bolan uzynlygy.
Onuň beýik diwarynyň ini 6 metr. (Gadymy dünýä taryhy)
Halynyň ini 6, 5 metrden ybaratdyr. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Biçilmän goýlan.
In mata.
[inn]
Ten, beden, endam.
Keljäni görende, onuň ini jümşüldäp gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Haýsy-da bolsa bir zady peýdaly harç etmek, arkaýynlykda özleşdirmek.
Meret ol haýatyň hasylyn ine-gana inine siňdirmese gerek -- diýýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gorkudan ýa-da başga bir waka zerarly bedeniňde bir hili täsir döremek.