imi-salalyk i‧mi-sa‧la‧lyk

[i:mi-sala:lyk]

Asudalyk, parahatlyk, dynçlyk.

  • Emma obada başlanan imi-salalyk uzaga çekmedi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ymy-salalyk, aý aýdyň gijesi, üzümçilikde bilbiller jak-jaklap saýraýardylar. Howa parahat, töwerek imi-salalykdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Iki hepde geçdi, hemme zat imi-salalykdy. («Kolhoz günleri»)

  • Ojagyň başy ýyljak we içeri imi-salalyk. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem imi-salalyk - imi-salalygy.


Duş gelýän formalary
  • imi-salalyga
  • imi-salalygyň
  • imi-salalykdy