imeşik

[i:meşik]

Bulaşyp duran, imeşip, bulaşyp galan, timarlanmadyk (ýüň, gyl, tüý. we ş. m. barada).

  • Onuň goşarlarynda imeşik tüýleri bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Artygyň murty towlama gelipdir, ýalaňaç eňegine bolsa imeşik gara gyllar örüpdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aý ýagtysy onuň imeşik sargylt saçlaryna, ak ýuwha ýüzüne şöhle saçle saçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem imeşik - imeşigi.