ilteşik il‧te‧şik

[i:lteşik]

  1. Çalaja ilişip duran, çatylyp, baglanyp duran.

    • Süýem barmak tolkundan sypan balyk ýaly zyňlyp gitdi, başam barmagyň bolsa çala ilteşigi galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Garyndaşlyk ýa-da başga bir taýdan bolan ýakynlyk, galtaşyk.

    • Ol käte Öweziň bolşuna gaharlanyp: -- Arman, garyndaşlyk ilteşigimiz bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol hem bir ýalňyşlyk bilen bolan zat, ýagsam seni tanamazdym -- diýip aýdýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol Tähranda mesgen tutup, özüniň köne dostlary bilen ilteşik gözlemäge başlady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

    • Körpe ogulda seniň ilteşigiň ýokdur. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ilteşik - ilteşigi.


Duş gelýän formalary
  • ilteşigi
  • ilteşigi-de
  • ilteşigimiz
  • ilteşiginiň
  • ilteşigiň
  • ilteşikli
  • ilteşiklidir
  • ilteşiklilik
  • ilteşiklilikde