ilkibada il‧ki‧ba‧da

[ilkiba:da]

Ilki bilen, ozaly bilen, deslap, öňürti, başda.

  • Eşek ilkibada bir azrak wagt öküziň aýagyna eýeren bolsa-da, soňabaka ýadap, halys ýaraman yza galmaga başlady. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Ofiserler ilkibada wzwoddan-wzwoda keýpihonlyk bilen ylgaşýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ejesi bolsa ilkibada: --Gyzyma bir kesel ýolugypdyr -- diýip em-ýom etdi, soňabaka bolsa bilgiçlere gatnady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ilkibadalar