Geýime ýa-da başga zatlara ildirmek üçin dakylýan düwme, sadap.
Begenjiň köýneginiň ilikleri ýazdyrylypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol kostumyň balagy bilen köýnegi bitişikdi, eşigiň boýdan-başy hem ilikdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Eşgerler kemerlerine, iliklerine çenli barlap, özlerini tijeýärler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ilik gytmy näme? (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary)
Iňňe, sapak, gury çaý ýa-da ilik olarda halan wagtyň tapylýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ilik - iligi.