Günorta tarap, günorta tarapa bolan ugur.
Birkemsiz asfaltlanan köçeler ilerden gaýra uzalyp gidýärler. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Ýoluň ileri ýüzündäki garaja öýüň gözeneginde guýlunyp ýatan ala ganjyk ok ýaly zybyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Öň tarap, öň.
Kömekçi söz rolunda.
Olar biziň ilerimizden geçdi.
Soňuna *d, k, r, s* sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, soňundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem ileri - ilerde, ilerräk, ilersi, ilerlerinde.
Biriniň ýa-da bir zadyň mertebesini ýokary götermek, birini ikinji birinden gowy görmek.
seret iş