[i:ldirgiç]
Aýal börükleriniň maňlaýyna dakylýan, ýüzi gaşly bezeg şaýy.
Özüniň ýaşyna garaman, Marynyň kerpiç-kerpiç şelpeli ildirgijini hem maňlaýyna dakyndy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gyzyl gupba ýalpyldaýar başynda, ildirgijiň sümsülesi yranýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Mamagül gülli öýme daňnypdyr, maňlaýyna-da kökenli gyzylly ildirgiç oturdypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ildirmek, asmak üçin ujy egrelip duran gaňyrçak.
Telpegini ildirgiçden ildirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ildirgiç - ildirgiji.