ikirjiňletmek işlik

Ikigöwünli etmek, böwrüni diňletmek, ýaýdanjyratmak.

  • Bütin arçynlaryň, eminleriň, emeldarlaryň diwana çagyrylan gününde, wolostnoýyň oňa gitmän galmagy ony biraz ikirjiňletdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ikirjiňletmek - ikirjiňledýär, ikirjiňleder, ikirjiňledipdir.