ikiýan

[ikiýa:n]

Iki tarapy, iki gapdaly, iki ýüzi.

  • Köçeleriň ikiýan gyrasyny owadan jaýlar bezäpdir. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Saçlarynyň ikiýan çekgesinden ýaňyjyk ak görnen peşeneli aýal bu gün Aýsoltanyň gözüne örän mähirli göründi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Olar gapynyň ikiýanynda durup sözleşdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Alaşa Artygyň ikiýan gapdaly bilen oýnaklap başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)