ikiýüzli

Her kime bir söz berip ýören, iki tarapa-da hyzmat edýän, dil berýän, ikidilli, biwepa.

  • Şu geçi sakgal baryp ýatan kezzap, ýalançy mekir we ikiýüzli adamdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Olar ikiýüzlüleri we adalatsyz adamlary paş edýärler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Emma seniň söz urşuň pursat arap ýören iki ýüzli esere çalym edýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ikiýüzliniň ýüzi gurasyn. (nakyl)