ikiçäk i‧ki‧çäk

Diňe iki bolup, iki adam bolup, ikilikde.

  • General stoluň üstünde karta ýazdy, ikiçäk gürleşmäge oturdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Tig Jons bilen Eziz ikiçäk sözleşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol aýal çykandan soň bular ikiçäk galdylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ikiçäk - ikiçägi.


Duş gelýän formalary
  • ikiçägiň
  • ikiçäkligine
  • ikiçäklikde