iki san

  1. 2 sifriniň ady we onuň mukdary.

    • Ine şu obada iki sany garyp dost maşgala ýaşaýardyrlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Mahlasy, iki ýürek birlikde gopýardy, ikisiniň hem maksady bir maksatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol gije-gündiz diýmän iki elini ýaryşdyryp işleýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Öwez ol iki brigadanyň her birinde bolmaly komsomollaryň hem atlaryny ýazyp taýýarlan eken. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Iki adam bir adamyň taňrysy. (nakyl)

    • Bir gören tanyş, iki gören garyndaş. (nakyl)

    • Iki aýakly iki günde. (nakyl)

    • Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz. (nakyl)

    • Iki at depişer, arasynda eşek öler. (nakyl)

  2. seret ikilik

iki nokat

seret nokat