[ika:týok]
Zoologiýa Köplenç özi höwürtge ýasanman, başga höwürtgede guzlaýan we bir ýurtdan ikinji ýurda göçýän tokaý guşy.
Aşak gapdaldan üçünji brigadanyň ýerindäki işläp ýören üç sany traktoryň sesi, ikatýogyň we gaýry guşlaryň sesleri- bularyň hemmesi goşulyp, kolhozçylary has şatlandyrýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Näme beýle ikatýok ýaly gaýtalap dursun? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ikatýok - ikatýogy.