[i:k]
Ýüň, pamyk we ş. m. süýümli zatlar egrilýän sada el guraly.
Pökgeniň aýaly pyrlanyp duran igini saklady-da, gülümsirap, gürrüň diňlemäge durdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Nurjahan igini egirmäge başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň bir elinde ikdir gapak bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ik - igim, igiň.