[i:gli]
Näsaglyk zerarly horlanan, arryklan.
Munuň özüne üns berdirişi, ynjyklygy igli çaganyňkydan hem beterräk. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Bolasy, hanym, edil iglije oglana dönäýipsiň-le! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gyzzyrmanyň wagtal-wagtal gaýtalanyp tutmagynyň netijesinde çagalar hor we igli bolup, ysgynsyzlanyp ösýärler. (A. Akyýew, Gyzzyrma keseli we oňa garşy göreş çäreleri)
Onuň arkasyndaky iglije çaga ýüzüni-gözüni kürşerdip, çiňňerilip garady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Köp ulanmak zerarly ýonulan, inçelen (metal gurallar hakda).