igenmek işlik

[i:genmek]

Birinden ýa-da bir zatdan nägile bolup, igençli söz aýtmak, iňirdäp käýinmek, iňirdemek.

  • Näme saklaýarsyň -- diýip, şofýora igendi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Heniz Begenje yşk eseri etmedimikä? -- diýip igenipdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Indi Annagula ejesi igenip başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ol öýünde aýalyna igendi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Artyk saklanyp bilmän, Balla igendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)