[i:gençli]
Igenç bilen, iňirdili, käýinçli.
Onuň igençli owazy eşidilip duran ýalydy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Hojamyrat wolostnoý kagyzyndan hem, arçynyň sözünden hem razy bolman igençli gepledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aýalynyň igençli sözleri onuň gulagyna degende, ol ymyzganýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ussa öňki igençli pikirinden dändi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)