igenç i‧genç at

[i:genç]

Birinden ýa-da bir zatdan nägile bolup edilýän iňirdi, käýinç.

  • Bu ýagdaý onuň gulagyna ýetýän tükeniksiz iňirdiden we igençden peýda bolýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ol edilýän igençlere çydamadyk ýaly ýüzüni galdyrdy. («Kolhoz günleri»)

  • Şol gözlerde: -- Hojam, sen iýen nanyňa kast edýärsiň -- diýen igenç görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aýsoltan oňa igenç bilen garady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem igenç - igenji.


Duş gelýän formalary
  • igenjem
  • igenji
  • igenjimi
  • igenjinde
  • igenjinden
  • igenjine
  • igenjini
  • igenjiniň
  • igenjiň
  • igençden
  • igençlere
  • igençleri
  • igençleriň
  • igençli
  • igençsiz