Botanika Ownujak ýaprakly, daşy ýukajyk gabykly miwe getirýän ullakan agaç we onuň miwesi.
Suwly ýabyň gyralaryny bolsa igdedir tut agaçlary tutup otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňabaka tal, erik, igde, tut ýaly agaçlary äkidýärdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Keseden durup seredeniňde, igde agajynyň arasynda çala görünýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Igdeleri gonşyňyz üçin getirendir öýdüp siz göwnüňize getirmän! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Uly ýoluň gyrasynda bir düýp uly igde ösýär. (A. Haýydow, Gök asman)