Ýeňsesinden güýç bilen itip ýöretmek, güýç bilen iteläp, ýöredip alyp gitmek, güýç bilen özüňe garşy çekmek.
Hatda özüniň ýüregine dakylan üzülmez tary şol barmaklarynyň daşyna orap, özüni maşyna bakan idirdedip barýan ýaly duýuldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol galtagy idirdetip, eýýäm iki kwartaly geçdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Çerkez hem onuň bir ýanyndan ýapyşyp, ony çeträge idirdetdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň her bir gymyldysy, göýä diýersiň dartyjy bir magnit ýaly, Aýnany özüne çekip, idirdedip barýana döndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aşyry uzak sözlemäge goýman, idirdedip ugradylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem idirdetmek - idirdedýär, idirdeder, idirdedipdir.