idili i‧di‧li sypat

[i:dili]

  1. Idisi bar bolan, garaşyk edilýän, idegli.

  2. Gowy, oňat, mazaly, ugurly, doly.

    • Ol adam garrynyň sowalyna idili düşünmedik ýaly boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Çaşçy edilip oturylan gürrüňi idili aňşyrar-aňşyrmaz gürrüňe goşuldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Şeýle-de bolsa, awtoryň pikirleriniň birini-de idili beýan edip bilmän, takal okamak bilen çäklenendigine gynanýarsyň. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Şu biografiýa gurpsuz, idili guralsyz, ýekebana Türkmen daýhanynyň tipikleşdirilen obrazynyň biografiýasydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

idili etmezlik

Pugta temmisini bermeklik.

  • Kimiň uranyny biläýsem idili etmezdim. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • idilije
  • idililikden
  • idiliräk
  • idilisi