[i:detmek]
Ekläp-saklamak ekläp-terbiýeläp ösdürmek (adam barada) ; ot-iým berip bakmak, äňetmek (mal barada).
Ol meni idetjek adam bolan bolup, meni öýüne alyp gitdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Oglum, sen daglarda aw at-da, geziber hem malyňy idet. («Görogly» eposy)
Dokuz guty gurçuk idedip, plany bir ýüz bäş prosent berjaý etdik. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Haýwanlary idetmek aňsat düşmeýän bolara çemeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sorag-ideg etdirmek, indetmek.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem idetmek - idedýär, ideder, idedipdir.