idenekletmek işlik

Itmek, güýç bilen çekmek we ş. m. zerarly entirekletmek; zor bilen itenekläp ýöretmek, südürlemek.

  • Meni idenekledip, getirip zawodyň howlusyna dykdy. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem idenekletmek - idenekledýär, idenekleder, idenekledipdir.