ideg at

[i:deg]

  1. Birine ýa-da bir zada esewan bolmaklyk, birine, bir zada edilýän garaşyk, gözegçilik.

    • Ýaslidäki çagalaryň idegi gowy.

  2. Bir zadyň ugrunda edilýän alada, sorag ünji.

    • Näçe ideg etsem-de, Derek tapmadym senden. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  3. Birini tutmak ýa-da bir zady tapmak maksady bilen geçirilýän agtaryş, soraglama, gözleg.

    • Gozgalaňçy basylyp gaçaly bäri, Artygyň idegi zordy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ideg-de
  • idegden
  • idege
  • idegi
  • idegime
  • ideginde
  • idegindäki
  • idegine
  • idegini
  • ideginiň
  • idegiň
  • idegiňe
  • idegler
  • ideglerden
  • idegli
  • ideglidi
  • idegsiz
  • idegsizligi
  • idegsizligine
  • idegsizlik