Adamyň aňynda maddy dünýäni (hakyky ýa-da galp) suratlandyrýan hem-de onuň özüni gurşaýan dünýä bolan garaýşyny aňladýan düşünje, pikir.
Bir zadyň mazmunyny kesgitleýän esasy pikir.
Eseriň ideýa taýdan-da, çeperçilik taýdan-da şowly bolmagy döredilýän tipleriň gowy bolmagyna baglydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Şahyryň döredijiliginde çeperçilik serişdeleri ideýany obrazly bermeklige hyzmat edýär. («Edebiýat»)