Köpçülikleýin eýläkde-beýläk ýöremeklik, howlukmaç ýagdaýda eýläk-de-beýläk edilýän hereket.
Birinji tüpeň sesi çykan badyna, ibirtde-zibirtlik başlanyp, obanyň içi gymyrsy boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Şol ibirtde-zibirtlik-de «jyn» onuň elinden bir söý bilen sypyp, gyzyljagurt ýaly gum tozadym, öz başyny gutarsa razy boldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ibirtde-zibirtlik - ibirtde-zibirtligi.