ibertmek işlik

[i:bertmek]

Birini ýa-da bir zady bir ýere ugratdyrmak, ýollatmak, göndertmek.

  • Meni Tährana çagyrýan-da siz, başga ýere ibertjek bolýan-da siz. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ibertmek - iberdýär, iberder, iberdipdir.