ibermek işlik

[i:bermek]

Birini ýa-da bir zady bir ýere ugratmak, ýollamak, göndermek.

  • Ejegülüň niýeti adama zar bolmaklyk, çagalaryn gowy geýindirip, mekdebe ibermek, gowy jaýlarda ýaşamakdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Aşgabatdan Gyzylarbada, Guşga hem başga birnäçe ýerlere öz ündewçilerini iberdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eziz atly iberip, ogurlyk ýöňkelýän ýigidi getirtdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sowet halkyny altyn şöhleli matalar bilen geýindirmek seniň zähmetiňe, seniň iberen pagtaňa bagly. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)