iberilmek işlik

[i:berilmek]

Bir ýere ugradylmak, ýollanylmak, gönderilmek (birini ýa-da bir zady).

  • Aşgabada syýasy taýdan giň düşünjeli, başarjaň partiýa işgäriniň iberilmedigini talap etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aşgabada iberilmegiğ barada men seniň eliňe hat bereýin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Raýon we oblast edaralagynyň onlarça işgärleri Moskwa we Aşgabada wagtly-wagtynda okuwa iberilip durulýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bu gyz raýondan biziň artelimiziň başlygy edilip iberilipdir. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)