işmek işlik

[i:şmek]

Ýüp, ýüplük we ş. m. zatlaryň dinini, taryny birikdirip berkitmek, sapaga, tanapa öwürmek, bükdürmek, towlap ýüp, sapak etmek.

  • Pälwan bir ýüpüň ujuny işip otyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Olaryň biri çöpür darap, pişge edip ýetişdirýär, biri hem eliniň aldygyna haýdap ýüp işýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Günde bir bolgusyz hokga çykaryp, «Çemmer işýärsiňiz düýe çökerip». («Sowet edebiýaty» žurnaly)