işlemek işlik

[i:şlemek]

  1. Zähmet çekmek, bir iş bilen meşgul bolmak.

    • Şol gürrüňler oňa işde gaýduwsyz işlemegine kuwwat berýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Işlemedik-dişlemez. (nakyl)

    • Uly başlar, kiçi işlär. (nakyl)

  2. Hereketde bolmak bilen bir zady öndürmek, çykarmak.

    • Zawot işleýär.

  3. Bir edarada gulluk etmek, bir wezipäni, käri ýerine ýetirmek.

    • Ylmy işgär bolup işlemek.

  4. Abat bolup ýöräp durmak.