[i:şeňňir]
Iş başarjaňlykda tapawutlanýan, iş başarýan, aktiw, işjeň.
Bu ogryn ýodany işeňňir partizanlaryň kömegi bilen tapyp, batyr razwedçiklerimiz peýdalanypdyrlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Täjigül ýaly işeňňir gyz az-azdyr, onuň elinden dür dökülýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Biz işe işeňňir gatnaşýarys.