işdämenlik

  1. Açyk işdälilik, nahara meýillilik.

    • Işdämenlik bilen nahar edinmek.

  2. Göçme manyda Işe ýa-da başga bir zada höweslilik, gylawlylyk.

    • Ol demirgazyga tarap işdämenlik bilen seretdi. («Kolhoz günleri»)

    • Kelje bolsa, bir hili işdämenlik bilen kagyzy aldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem işdämenlik - işdämenligi.