işdä at

Nahar iýmäge bolan isleg, meýil.

  • Kadaly gezim edýän sygyrlaryň işdäsi gowy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Işdä diýeniň şunuňky ýaly bolaýsa, zat dannamasy ýok. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

işdä açylmak

Nahar iýmäge isleg, meýil artmak, işdäli bolmak.

işdä kesilmek

Işdäden galmak, işdä tutulmak, näsaglyk zerarly işdäsiz bolmak.

işdä tutulmak

işdä ýanmak

Wagtynda nahar edinmän, işdäňi bozmak.


Duş gelýän formalary
  • işdäden
  • işdädir
  • işdäler
  • işdäleri
  • işdäleri-de
  • işdäleriniň
  • işdäli
  • işdälilik
  • işdäm
  • işdämem
  • işdämi
  • işdämiz
  • işdämizi
  • işdäni
  • işdäniň
  • işdäsi
  • işdäsine
  • işdäsini
  • işdäsiniň
  • işdäsiz
  • işdäsizligine
  • işdäsizlik
  • işdäň
  • işdäňi
  • işdäňiz
  • işdäňiziň