at

[i:ş]

  1. Energiýanyň bir görnüşiniň başga bir görnüşe geçmeklik prosesi, hereketde bolmaklyk.

  2. Edilýän, çekilýän zähmet.

    • Iş Sapargüli ýadatmady, gaýtam onuň ýüküni ýeňletdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň bu eden işşini Mergen Aga halamady. («Bahar»)

    • Bar-bar işden bar, işlemedik nana zar. (nakyl)

  3. Aýlygyň çeşmesi hökmünde haýsy-da bolsa bir guramada edilýän gulluk, kär.

  4. Zähmet netijesinde döredilen eser we ş. m.

    • Onuň ylmy işi çap edildi.

  5. Zähmet çekilip ýerine getirilýän zat.

    • Ol edip oturan işini taşlap, daşaryk çykdy.

gara iş

Fiziki güýç goýlup edilýän iş.

iş görkezmek

  1. Işi üstünlikli ýerine ýetirmek, oňat iş etmek;.

  2. Dert bolmak, azar bolmak, hupbat ýamanyny bermek.

iş işden geçmek

Boljak iş bolup geçmek, gaýtaryp bolmaz derejede aňry gitmek.

  • Iş işden geçensoň, onuň ugrunda ylganyň haýry ýok.

iş kesmek

Sud edip jeza bermek, ýyl kesmek.

iş salyşmak

Biri bilen işde aragatnaşyk etmek.

iş ukybyny ýitirmek

Iş başarjaňlygyňy gidermek, gurpdan gaçmak, maýyp-müjrüp bolup işden galmak; garramak.

iş üstünde

Iş başynda, iş wagty, işde.

işden çykyşmak

Köp wagt işlemän, soň işe girişeniňde oňat işläp bilmek ukybyňy ýitirmek.

işden el sowamak

Edýän işiňe sowuk-sala garamak, üns bermezlik..

işe bişişmek

Işiň tärini ele almak, işe endik etmek, işe oňat berdiş etmek.

  • Mehinli doga ýetim bolup, daýysynyň elinde ösüpdi, ýumruk ýalylygyndan işde bişişipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

işi gaýtmak

Heläkçilige duçar bolmak, eden işi başa barmazlyk, masgara bolmak, erbet ýagdaýa düşmek.

  • Kim uruş isleýän bolsa, onuň işi gaýdandyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

işi kör etmek

Işi gutarman goýmak, taşlamak.

işini görmek

Bagtyny ýatyrmak, betbagtçylykly, erbet ýagdaýa salmak.

  • Atam-enem meniň işim görýärler, Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

işiň ileri

Tutan, başlan işiň şowly bolsun!

işiň pyrryk bolmak

Işiň paşmazlygy, erbet bozulmasy.

kontrol iş

Mekdeplerde geçirilýän ýazuw işi.

öý işi

  1. Öý hojalygyna degişli bolan işler;.

  2. Ýerine ýetirmek üçin mugallym tarapyndan okuwça berilýän ýumuş.