iňkis iň‧kis

[iňki:s]

Bir zat barada edilýän ünji, ynjalyksyzlyk, göwünde galýan güman.

  • Aýna onuň kesbi-kärine belet bolandygy üçin, oňa bir hili şübhe bilen garady, göwnüne bir hili iňkis gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Artyk ejesiniň bolup oturyşyndan onuň bir iňkisiniň baryny syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

iňkise batmak

Gaty ynjalyksyzlanmak, uly alada etmek, ýürekden heser.

  • Birdenkä-de agyr iňkise batdym. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • iňkise
  • iňkisiniň
  • iňkisiň
  • iňkisli
  • iňkislik