iňirdi at

Birine bildirilýän ýürege düşgünç nägilelik, teýene, igenç.

  • Aýnanyň Artyk ýadyna düşüp, ýüzüne ýagty şöhle çaýyljak ýaly etse-de, eneliginiň iňirdisini eşidende, näzik ýüzünde ynjy alamaty peýda boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Men onuň aýdanlaryna ynandym, ýöne welin, keýwanynyň iňirdisini eşidip oturmaga ýüregim takat bermedi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)