iňňe iň‧ňe

  1. Tikin işi üçin ulanylýan ýiti uçly, sapak geçirilýän gözli metal esbap.

    • Soldat bolan adamyň ýanynda iňňe bilen sapagy hemişe bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gyzym, bar, maňa bir iňňe bilen sapak getirip ber. (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary)

  2. Ary, içýan ş. m. mör-möjekleriň çakýan, awy goýberýän organy, neşderi.

iňňe bilen guýy gazmak

seret guýy

  • Ony gazanmak iňňe bilen guýy gazandan, ýangyny bir çemçe suw bilen söndürjek bolmakdan enaýy däl ekeni. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Mama iňňeden çykma ýüpek sowsanyň üstünden maldaýy çabyt geýip, garagülli guşagy biline orandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

iňňä sapaýmaly bolmak

Örän arryklamak, bijaý horlanmak.


Duş gelýän formalary
  • iňňede
  • iňňeden
  • iňňeler
  • iňňelerde
  • iňňelerdir
  • iňňelere
  • iňňeleri
  • iňňelerini
  • iňňeleriniň
  • iňňeleriň
  • iňňeli
  • iňňemi
  • iňňesi
  • iňňesidi
  • iňňesindäki
  • iňňesini
  • iňňä
  • iňňäni
  • iňňäniň
  • iňňäň
  • iňňäňem