iýmlik iým‧lik

Iým üçin taýýarlanan ýa-da bölünip goýlan önüm (ot, silos, däne we ş. m. hakda).

  • Iýmlik arpa, künjara ýaly zatlar salynýan sklad, töweregine inedördül edilip ot basylan agyl edi otluçöp gutulary ýaly bolup görünýär. («Kolhoz günleri»)

  • Ýakynda atyp taýýarlan gyzylyňyz bar bolsa, bar atlara iýmlik getir! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Iýmlik ölçegler boýunça çala bişen mekgejöweniň siloslanan başlary bişen mekgejöwene barabardyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem iýmlik - iýmligi.